ABŞ fewral aýynda Aýa täze gonuş enjamyny uçurmagy meýilleşdirýär

  • 26.01.2024 21:50
  • 2.7k+

Amerikanyň täze Nova-C gonuş enjamynyň Aýa uçurylyşy fewral aýynyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Bu barada NASA salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.

Peýdaly ýük hökmünde enjam NASA-nyň bäş sany ylmy-gözleg guralyny göterer. Uçuryşy Floridanyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketa göterijisiniň kömegi bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Intuitive Machines kompaniýasy tarapyndan döredilen Aýa gonuş enjamy fewral aýynyň ahyrynda Aýyň Günorta polýusyndan 300 km uzaklykda gonmaly bolar.
Missiýa üstünlikli bolan ýagdaýynda, Nova-C Aýa gonan ilkinji hususy amerikan enjamy bolar.


düýn 10:51
806

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.3k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....