Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýär

  • 26.01.2024 13:15
  • 5.3k+

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tan Sri Dato Johari Abdulyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlyk ornuny berkitmekde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Malaýziýanyň Parlamentiniň arasynda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işiniň ýola goýulmagynyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygy barada nygtap geçdiler.
Şeýle-de, Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tan Sri Dato Johari Abdul, şu ýylyň dowamynda özüniň Türkmenistana saparyny amala aşyrmaklyga taýýardygyny mälim etdi. Ilçi hem öz gezeginde gelejekde amala aşyryljak saparlaryň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny artdyrmaga itergi berer diýip nygtady.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....