Başgyrdystanyň ýokary okuw mekdeplerinde 2 müňden gowrak türkmen talyby okaýar

  • 26.01.2024 12:13
  • 13k+

2023-2024-nji okuw ýylynda Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplaryň sany 2020-ä ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Metbugat gullugy «Başinform» habar gullugyna salgylanyp habar berýär.

RF-niň subýektiniň statistik müdirliginiň maglumatlaryna görä, bu GDA ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkezijidir.
Başgyrdystanyň uniwersitetlerinde we şahamçalarynda şu okuw ýylynyň dowamynda jemi 105 müň talyp okaýar. Türkmenistandan başga-da, Täjigistandan (1472 adam), Özbegistandan (544 adam) we beýleki goňşy ýurtlardan köp sanly talyplar okap bilim alýarlar.
Şeýle hem Aziýadan we Afrikadan, hususan-da Hindistandan, Müsürden, Hytaýdan hem-de beýleki ýurtlardan bolan talyplar ýokary bilim almak üçin Başgyrdystan Respublikasyna gelýärler.
Respublikanyň Statistika müdirliginde bellenilişi ýaly, daşary ýurtly talyplar hem býujet esasynda, hem tölegli esasda okaýarlar.


düýn 23:39
1.2k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.8k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......