Google üç sany täze we peýdaly emeli aň aýratynlygy bolan Chrome 121-i çykardy

  • 27.01.2024 13:02
  • 3.6k+

Google meşhur brauzerine täzelenme bolan Chrome 121-i çykardy. Kompaniýanyň oňa emeli aň esasly üç sany täze aýratynlyk goşandygyny Ferra habar berýär.

AI bilen integrirlenen ilkinji aýratynlyk ulanyjylara wkladkalary has netijeli tertipleşdirmäge mümkinçilik berýär. Tehnologiýa açyk wkladkalary seljerýär we toparlara bölmek üçin ulanyjy opsiýalaryny hödürleýär. Bu, esasanam, syýahaty meýilnamalaşdyrmak, gözlegler ýa-da söwda etmek ýaly birnäçe meseläni birbada çözmekde peýdalydyr.
Ikinji aýratynlyk ulanyjylara brauzer üçin ýörite mowzuklar döretmäge mümkinçilik berýän tekstden şekile geçirmek modelini ulanýar. Bu Chrome interfeýsini has şahsylaşdyrýan tema, şäht, wizual stil we reňk saýlamak arkaly gazanylýar.
“Help me write” diýilýän üçünji aýratynlyk dürli saýtlarda, mysal üçin, forumlarda tekst ýazmaga kömek etmek üçin döredildi. Ulanyjylar mazmun döretmekde kömek almak üçin islendik tekst ýa-da giriş meýdanynda syçanyň sag düwmesine basyp bilerler.
Google täze Gemini AI modeliniň integrasiýasyny goşmak bilen, 2024-nji ýylyň dowamynda Chrome-a web-serfingi ýönekeýleşdirjek we çaltlaşdyrjak has köp şuňa meňzeş aýratynlyklary goşmagy meýilleşdirýär.


28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......

13.05.2026 15:09
4.5k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......