Ýaponiýaly ýazyjy ChatGPT-niň kömegi bilen roman ýazyp, baýrak aldy

  • 25.01.2024 16:15
  • 4.3k+

Ýaponiýaly ýazyjy Rie Kudan 2024-nji ýylda abraýly Akutagawa edebiýat baýragyna eýe bolan romanynyň bir böleginiň generatiw emeli aňyň kömegi bilen ýazylandygyny boýun aldy. TASS-yň habaryna görä, bu barada ol Tokioda geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi.

Ol sýužeti AI bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan “Tokyo-to Dojo-to” (ýaponçadan -  “Tokionyň duýgudaşlyk diňi”) romany üçin Akutagawa baýragyna eýe boldy. Eseriň mazmunynyň esasynda uzak bolmadyk geljegiň Tokiosynda ýaşaýan zenan binagäriň durmuş hekaýaty durýar. Ol jenaýatçylaryň rahatlykda saklanýan belent diňiniň taslamasyny taýýarlady.
Rie Kudan: "Käwagt başga biri bilen paýlaşyp bilmejek aladalarym bilen emeli aňa ýüz tutýaryn. Bu kitaby ýazanymda ChatGPT ýaly generatiw AI-den köp peýdalandym. Kitabyň, takmynan, bäş göterimi AI tarapyndan döredilen sözlemlerden ybarat diýsemem boljak. AI-ni netijeli ulanmak arkaly, başarnygymy ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän romanlar ýazmagy dowam etdirmek isleýärin " - diýdi.
Ýapon edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Ryunoske Akutagawanyň baýragy 1935-nji ýylda döredildi. Ol dürli  ýyllarda Kobo Abe we edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Kenzaburo Oe ýaly meşhur ýapon ýazyjylaryna gowşuryldy.


düýn 11:45
1.9k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

03.06.2026 15:15
3.3k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....