OpenAI-den EA Halkara matematika olimpiadasynda “altyn medal” gazandy

  • 21.07.2025 19:03
  • 3.8k+

OpenAI-iň synag emeli aň modeli Halkara matematika olimpiadasynda (IMO) 42 baldan 35 bal gazandy, bu bolsa altyn medalyň netijesine laýyk gelýär. Bu barada kompaniýada habar berildi.

EA dünýäniň iň abraýly matematika ýaryşlarynyň birinde şeýle derejäni ilkinji gezek görkezýär. OpenAI-iň ylmy gözlegçisi Aleksandr Weýiň X platformasynda belleýşi ýaly, model, adatça, diňe bir algebradan we seljermeden baş çykarmagy däl-de, eýsem ýokary döredijiligi we logikany hem talap edýän 6 meseleden 5-isini çözdi. Deňeşdirmek üçin: 2025-nji ýylda altyn medaly 630 gatnaşyjydan diňe 67 sanysy aldy.
OpenAI EA-nyň, adatça, gündelik işlerden gowy baş çykarýandygyny, ýöne döredijilik işleri bilen gowşak işleýändigini belledi. Ýöne bu gezek model adamyňky bilen deňleşjek logiki pikirlenmek ukybyny görkezdi.
Üstünlige garamazdan, EA-nyň bu wersiýasyna elýeterlilik açylmaz. OpenAI-iň baş direktory Sem Altmanyň aýtmagyna görä, “şeýle pikir ýöretme derejesi ýene birnäçe aý elýeterli bolmaz”. Bu hatda indiki GPT-5 modelinde-de bu başarnygyň, ähtimal, bolmajakdygyny aňladýar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......