Formula-1 Madridde Ispaniýanyň Gran-prisini geçirmek barada 10 ýyllyk şertnama baglaşdy

  • 23.01.2024 23:55
  • 3.9k+

Formula-1 2026-njy ýylyň möwsüminden Ispaniýanyň Gran-prisiniň Madridde geçiriljekdigini yglan etdi. “Patyşalyk” ýaryşlarynyň metbugat relizinden gelip çykyşy ýaly, şertnama 10 ýyl möhlet bilen baglaşyldy, ol 2035-nji ýyla çenli hereket eder.

Habar berlişi ýaly, Ispaniýanyň paýtagtyndaky ýaryş ýolunyň uzynlygy 5,47 km bolmaly. FIA-nyň omologasiýasy we taslamanyň gutarnykly tassyklanmagy bilen, ol 20 aýlawy öz içine alar, kwalifikasiýa aýlawynyň çaklanylýan wagty 1 minut 32 sekunt bolar. Deslapky maglumatlara görä, çäre güni 110 müň janköýer gatnaşyp biler. Şeýle-de, guramaçylar bu sany 140 müňe ýetirmegi meýilleşdirýärler.
Häzirki wagtda Ispaniýanyň Gran-prisi Barselonada geçirilýär. Geçen ýyl onuň ýeňijisi “Red Bulldan” Maks Werstappen boldy.


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

29.05.2026 23:03
7.2k+

Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady

«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda......

25.05.2026 23:07
9.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....