Köp sanly tehnologiýalary bolan täze Volkswagen Golf modeli hödürlenildi

  • 23.01.2024 18:38
  • 12k+

FAW-Volkswagen bilelikdäki kärhana iki sany komplektasiýada satyn alyp boljak täze Volkswagen Golf modelini hödürledi: Enjoy Edition we Expert Edition. Awtoulaglar Hytaýda degişlilikde 21 müň dollar we 21,3 müň dollar bahadan hödürlenýär diýip, autohome-e salgylanýan IXBT.com habar berýär.

Awtoulagyň iki görnüşi hem rahatlyk we tehnologiýa, şeýle hem has kuwwatly güýç gurluşy taýdan dürli gowulaşmalar aldy.
Enjoy Edition tokly sazlanýan oturgyçlar bukjasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Expert Edition modeli hem şuňa meňzeş paket we uzakdan dolandyrmak mümkinçiliklerine eýedir. Alyjylar sanly açary (smartfondan) we giňeldilen hakykat elementleri bolan nawigasiýa ulgamyny, şeýle hem ýazgy ediji kamerasyny alýarlar.
Smartfon arkaly motory işledip we durzup, howa ulgamynyň sazlamalaryny uzakdan dolandyryp, gapylary gulplap hem açyp, şeýle-de, GPS nawigasiýasy arkaly awtoulay gözläp bilersiňiz.
Awtoulaglar interaktiw nawigasiýa we 10 dýuýmlyk reňkli duýgur ekranly CNS3.0 maglumat-güýmenje ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Gural paneli 10,25 dýuýmlyk ekrana çenli täzelendi. Akylly ulag dolandyryşly, akylly nawigasiýaly, ses dolandyryşly ulag serişdeleriniň täze Internet ulgamy goşuldy.
Sürüji gapdaldaky oturgyjyň 10 hili elektrik sazlamasy (4 hili guşaklyk sazlamasy) we ýat funksiýasy bar. Oturgyç ýady funksiýasyny çalt gurnamak üçin smartfon arkaly sürüjiniň hasabyna birikdirip bolýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......