Volkswagen goşmaça tölegsiz premium opsiýaly ýörite T-Roc wersiýasyny çykardy

  • 21.05.2025 15:57
  • 3k+

Volkswagen iki sany täze ýörite modeli - Black Edition Plus-y we Style Design-y goşmak bilen, Beýik Britaniýada T-Roc krossoweriniň hataryny giňeltdi. Iki görnüş hem bahany ýokarlandyrmazdan goşmaça opsiýalara eýe boldy.

T-Roc Black Edition Plus indi 19 dýuýmlyk gara tekerler, tokly açylýan ýükdan, açarsyz giriş ulgam, yzky görnüş kamerasy, metal boýagly gara üçek we panoramaly  üçek bilen enjamlaşdyrylan.
Style Design modifikasiýasyna gara korpusly aýnasy we IQ.Light matrisa farasy bolan Design Pack bukjasy girýär.
Black Edition Plus-yň bahasy 36 515 funt sterling (48 800 dollar töweregi), Style Design-nyňky bolsa 33205 funt sterling (44 300 dollar). Şol bir wagtyň özünde goşulan enjamlaryň bahasy degişlilikde 3 225 funt sterling we 520 funt sterling bolup durýar. Şeýlelikde, täze wersiýalar, bäsdeşleri bilen deňeşdirilende, bahasy bilen enjamlaşdyrylyşy amatly gatnaşykda hödürlenýär.
Beýik Britaniýada sargytlar 22-nji maýda başlar.
Şeýle-de,  model setirinde T-Roc R we T-Roc R Black Edition sport görnüşleri galýar. Olar 300 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylandyr we 4,9 sekuntda 100 km / sag tizlige ýetýär.


14.05.2026 11:11
4.4k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......