Türkmenistanyň Baş konsuly Stambulyň häkimliginiň wekili bilen duşuşdy

  • 23.01.2024 15:02
  • 11k+

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda Baş konsul M.Öwezow bilen Stambulyň häkimliginiň halkara gatnaşyklary ugrunyň ýolbaşçysy Ý.Barbaros Buýuksagnagyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada TmCars-a Türkmenistanyň Türkiýedäki wekilhanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň depginleriniň ýokarlanýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň geljeginde Konsullygyň hem-de Häkimligiň wekilleriniň arasyndaky duşuşyklaryň aýratyn ähmiýeti bellenildi.
Hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň bilelikdäki işleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşleriň wajyplygy bellenip, taraplaryň özara aragatnaşyklary dürli ugurlarda ilerletmek boýunça başlangyçlara taýýardygy beýan edildi.
Şeýle hem M.Öwezow ikitaraplaýyn gün tertibindäki wajyp meseleler, şol sanda IT tehnologiýalar, bilim we medeniýet pudagyndaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Bulardan başgada, söhbetdeşler Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki medeni çärelerini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdy.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....