Samsung Galaxy S24 Hindistanda deslapky sargytlar boýunça rekord goýdy

  • 23.01.2024 13:46
  • 12k+

Geçen hepde Samsung birnäçe ýurtlarda täze Galaxy S24 hatarynyň flagmanlary üçin deslapky sargytlary açdy we eýýäm häzir onuň netijeleri bar: Hindistanda täze smartfonlar Samsung-yň iň meşhur flagmanlary boldy. Üç günüň içinde deslapky sargytlaryň möçberi 250 müň birlikden geçdi. Deňeşdirmek üçin, Galaxy S23 flagmanlaryna sargydyň şeýle möçberine ýetmek üçin üç hepde gerek bolupdy. Bu barada ixbt.com belleýär.

Hindistanda deslapky sargytlary resmileşdirýänler üçin Galaxy S24 sargyt edilen ýagdaýynda 180 dollar we Galaxy S24 Plus hem Galaxy S24 Ultra sargyt edilen ýagdaýynda 250 dollar möçberinde bonus wada berilýär. Bu ýurtda täze Samsung smartfonlarynyň açyk satuwy beýleki köp ýurtlardaky ýaly 31-nji ýanwarda başlar.
Counterpoint gözleg kompaniýasynyň wise-prezidenti Nil Şahyň aýtmagyna görä, Galaxy S24-e bolan uly isleg Samsung-a premium-smartfonlarynyň bazaryndaky paýyny 26%-den 28%-e çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.


11.06.2026 10:59
7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 17:48
7.4k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:39
6.9k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....