Kristofer Nolan hormatly “Sezar” baýragyna mynasyp bolar

  • 23.01.2024 13:31
  • 3.3k+

Fransuz kinoakademiýasy “Sezar – 2024” baýragynyň hormatly laureatlaryny aýtdy. Olar režissýor Kristofer Nolan (“Oppengeýmer”), şeýle-de aktrisa we režissýor Anýes Žaui (“Maňa seret”) bolar.

“Kristofer Nolan – kinematografiýa kämilliginiň serhetlerini täzeden aňlamaga, bizi giňişlik we wagt çäginden çykarmaga ukyply ussat režissýor. Ol ýatdan çykmajak täsiri galdyrmak üçin kinematografyň çäginden çykýar” – diýip, Akademiýanyň ýolbaşçylygynyň metbugat relizinde bellenilýär.

Ýakynda Nolan “Oppengeýmer” filminiň üstündäki işi üçin “Altyn globus” we “Tankytçylaryň saýlawy” baýraklaryna eýe boldy. Şeýle-de, onuň hasabynda “Gara rysar”, “Başlangyç”, “Interstellar” we ş.m. ýaly filmler bar.
49-njy “Sezar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 23-nji fewralda Parižde geçiriler. Dalaşgärler 24-nji ýanwarda yglan ediler.  

şu gün 00:06
420

Hermès Parižde erkeklere niýetlenen 2027-nji ýylyň ýaz-tomus toplumyny görkezdi

Hermès Parižde 2027-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümi üçin erkeklere niýetlenen toplumyny görkezdi. Bu toplum Weronik Nişanýanyň kompaniýadan gidenden soňky ilkinji we brendiň döredijilik ýolbaşçysyz topary......

26.06.2026 23:49
2.5k+

Louis Vuitton we Pinarello bilelikde welosiped nusgasyny döretdiler

Louis Vuitton kompaniýasy konseptual welosiped döretdi. Ol Parižde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde Louis Vuitton-yň erkekler üçin 2027-nji ýyl ýaz-tomus toplumynyň görkezilişinde tanyşdyryldy....

11.06.2026 13:03
7.6k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......