NASA Aýda ilkinji gezek lazer serpikdiriji-maýaklar ulgamyny synagdan geçirdi

  • 23.01.2024 13:36
  • 5.4k+

ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli dolandyryş gullugy (NASA) Aýda Lunar Retroreflector Array (LRA) maýak-retroreflektor yşyklandyryjysynyň ilkinji üstünlikli synagynyň geçirilendigini habar berdi. Geljekde kosmos gämilerinde nawigasiýa üçin şeýle enjamlaryň toruny ulanmagyň meýilleşdirilýändigini NASA-nyň resmi web sahypasyna salgylanýan Gazeta.Ru habar berýär.

Synaga NASA-nyň Aýyň günorta polýusynyň çäginde Mansini krateriniň golaýynda ýerleşýän LRO Aý zondy we Hindistanyň “Wikram” gonuş moduly gatnaşdy. Wikram, şeýle hem, sekiz şöhlelendiriji elementli kiçijik ýarym şar bolan retro-reflektor bilen enjamlaşdyrylandyr. LRO “Wikrama” öz beýiklik ölçeýjisiniň  lazer şöhlesini iberdi we şöhlelenýän optiki signaly aldy. Usul işledi.
Ondan öň NASA kosmos gämisi gondurylanda takyk nawigasiýa üçin Aýy lazer maýaklary bilen örtmek pikiriniň bardygy  barada gürrüň beripdi.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.9k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.6k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......