Türkmenistanda Şweýsariýanyň ilçisi işe başlady

  • 23.01.2024 11:32
  • 2.5k+

22-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteliden ynanç hatyny kabul etdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda diplomat ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine gönükdirilen umumy garaýyşlary hem-de işjeň tagallalary ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirdi.
Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly döwlet syýasatyna aýratyn üns çekildi. Şeýle-de üstünlikli durmuşa geçirilýän milli we halkara ähmiýetli taslamalar barada diplomata gürrüň berildi.
Parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.
Duşuşygyň ahyrynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek, iki ýurduň halklarynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


Şol gün şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany bildirdiler.
Diplomatlar Daşary işler ministrlikleri derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmek we döwlatara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýady berkitmek esasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Türkmen tarapy iki döwletiň telekeçileriniň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barmagyň, işewürler forumlary hem-de söwda-ykdysady maksatly çäreleri gurnamagyň hasabyna söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy we gender deňligi, suw serişdelerini dolandyrylmagy meseleleri boýunça bilelikdäki hereketleri amala aşyrmak babatynda pikir alyşmalar gurnaldy.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......