HotCars Toyota-nyň iň ygtybarly pikaplarynyň sanawyny düzdi

  • 22.01.2024 13:36
  • 11k+

Amerikanyň HotCars çeşmesi Toyota-nyň soňky 15 ýylda öndürilen iň ygtybarly pikaplarynyň sanawyny hödürledi. Birinji ýeri Land Cruiser 200-e  meňzeş “ýüzi” bolan, 2013-nji ýylda çykan Toyota Tundra eýeledi diýip, IXBT.com ýazýar.

Sanaw J.D. Power-iň hünärmenleriniň bahalandyrmalarynyň esasynda düzüldi. Her modeliň ygtybarlylygy iň köpi 100 bally  ulgamda görkezilýär. Tundra 88 bal toplady.
ABŞ-da Toyota Tundra V6 (4 litr, 270 at güýji) we V8 (4,6 litr 310 at güýji we 5,7 litr  381 at güýji) hereketlendirijileri bilen üpjün edildi. Görşüňiz ýaly, bu pikapyň hereketlendirijileri hem TLC 200 bilen birleşdirildi.
Seljerijiler bu pikapa hyzmat etmek üçin ýylda bary-ýogy 642 dollar, 10 ýylyň dowamyndaky bolsa tehniki hyzmat üçin 6738 dollar gerek bolýandygyny hasapladylar.
Ikinji ýerde hem Toyota Tundra durýar, ýöne bu gezek 2021-nji ýylyň modeli (100-den 86 bal). Onuň bazasynda eýýäm V8 hereketlendirijisi bar; bir ýyl we 10 ýyl hyzmat etmek üçin degişlilikde 606 dollar we 6738 dollar gerek bolýar.
Toyota Tacoma top-3-i soňlaýar - 100-den 86 bal. Bu ulagyň çykdajylary hasam az: ýylda 509 dollar, 10 ýyl üçin 6420 dollar.

Umuman aýdanyňda, Toyota-nyň iň ygtybarly pikaplarynyň sanawy şeýle:

  • ·  Toyota Tundra 2013 - 88/100 bal;
  • ·  Toyota Tundra 2021 - 86/100 bal;
  • ·  Toyota Tacoma 2013 - 86/100 bal;
  • ·  Toyota Tacoma 2015 - 85/100 bal;
  • ·  Toyota Tacoma 2012 - 84/100 bal;
  • ·  Toyota Tacoma 2023 - 83/100 bal;
  • ·  Toyota Tacoma 2022 - 83/100 bal;
  • ·  Toyota Tundra 2012 - 83/100 bal;
  • ·  Toyota Tundra 2010 - 83/100 bal;
  • ·  Toyota Tacoma 2021 - 81/100 bal.

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......