Arizona döwlet uniwersiteti öz okuw meýilnamalaryna dünýäde ilkinji bolup ChatGPT-ni ornaşdyrar

  • 22.01.2024 13:10
  • 6.1k+

ChatGPT, generatiw emeli aňa esaslanýan beýleki çat-botlar ýaly, bilim segmentine ep-esli derejede täsirini ýetirdi we bu täsiriň geljekde diňe artjakdygy eýýämden belli. Arizona döwlet uniwersiteti, munuň öňüni almagyň ýerine, AI-niň mümkinçiliklerini talyplaryň peýdasyna ulanmak kararyna geldi we OpenAI bilen hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy diýip, Ferra The Verge neşirine salgylanyp habar berýär.

Bu OpenAI bilen haýsydyr bir okuw jaýynyň arasyndaky ilkinji hyzmatdaşlykdyr. Ylalaşygyň çäginde uniwersitet fewral aýyndan başlap ChatGPT Enterprise-e doly elýeterlilik alar. Uniwersitet ony okuw işinden we dürli gözlegleri geçirmekden başlap, kurs işlerini ýazmaklyga çenli dürli bilim beriş proseslerinde ulanmagy meýilleşdirýär.
Uniwersitet talyplar üçin şahsy wirtual terbiýeçi döretmek isleýär. Bu, ilkinji nobatda, tehniki hünärlere (STEM) degişlidir. Emma başga ugurlar boýunça-da meýilnamalar bar. Mysal üçin, käbir dersleri öwrenmek üçin talyplaryň AI-awatarlary dörediler.


22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

17.06.2026 09:44
2.4k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

21.05.2026 17:50
2.4k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......