ABŞ-da bir zenan 97 ýaşynda uniwersitetiň diplomyny aldy. Bu onuň ömürboýy arzuwy eken

  • 18.05.2025 16:41
  • 8.7k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 97 ýaşly Žaklin Kimmelstil Maunt-Sent-Winset uniwersitetiniň diplomyny aldy. Bu ýokary okuw mekdebi onuň Ikinji Jahan urşunyň kynçylyklary sebäpli hasyl bolmadyk arzuwyny amala aşyrmak kararyna geldi diýip, Nýu-Ýork Post ýazýar.

Žaklin 1927-nji ýylda Margit ady bilen Frankfurtda dünýä inipdir. Ol 12 ýaşyndaka maşgalasynyň milletçileriň yzarlamalaryndan halas bolmagy üçin mekdebi taşlamaly bolupdyr. Gyz ybadathanada gizlenip, soňra Fransiýada ýaşapdyr. 1947-nji ýylda ABŞ göçüpdir, ýöne okuwyna dolanyp baryp bilmändir.
Žaklin eýýäm garrylyk döwründe RiverSpring Living garrylar öýüne düşüp, öz arzuwyny paýlaşypdyr.

"Ol maňa diňe 12 ýaşyna çenli mekdebe gatnandygynyň ony hemişe biynjalyk edýändigini aýtdy. Biz hem bu babatda bir zatlar etmek kararyna geldik" – diýip, edaranyň işgäri Wendi Staýnberg gürrüň berdi. Şonda RiverSpring Living kömek sorap uniwersitete ýüz tutýar.

Žaklin iňlis edebiýaty we fransuz dili sapaklaryna çagyryldy. Esli ýylyň geçendigine garamazdan, fransuz dili gowy ýadynda galan eken. Sapaklaryndan soň Kimmelstil basketbol oýnuna bardy, şol ýerde ony toparyň tumary etdiler we kollejiň eşigini berdiler.
97 ýaşly talybyň okuw güni diplom gowşurylyş dabarasy bilen tamamlandy. Bu onuň üçin aýratyn ýatda galyjy pursat boldy. Žaklin: "Men size diňe bir zady aýtmak isleýän, şeýle ezizlenmek we bu ajaýyp zatlaryň hemmesini görmek nähili ýakymly" -diýdi.
Uniwersitetiň prezidenti Sýuzan Berns Ikinji Jahan urşunyň kynçylyklaryndan halas bolan Žakliniň hiç haçan ynsançylyga bolan ynamyny we gowulyklara umydyny ýitirmändigini, munda oňa hemişe  ýokary bilim almaga bolan arzuwynyň goldaw berendigini belledi.
Dabara Kimmelstiliň agtyklary Jona we Rebekka gatnaşdy. Olar mähriban enesiniň talyplyk tejribesini begenç bilen synladylar.

"Bu hakykatdanam üýtgeşik bir zat" – diýip, Rebekka begenjini paýlaşdy.


10.01.2026 19:10
3.5k+

ABŞ-nyň ilçihanasy mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça bäsleşik yglan etdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Fulbraýt maksatnamasynyň «Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek» atly ugry boýunça açyk bäsleşigi yglan etdi. Bu maksatnama mugallymlara öz hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär...

02.01.2026 16:51
17k+

Türkmenistanly okuwçylara ABŞ-da okamaga mümkinçilik berýän «FLEX» synaglarynyň wagty we ýeri belli boldy

2026-2027-nji okuw ýyly üçin ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2025-2026-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi belli boldy. Bu barada Halkara bilim boýunça amerikan geňeşleri habar berdi...

30.10.2025 10:24
3.5k+

Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütlerini hödürledi

27-nji oktýabrda Waşington şäherinde Coursera kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda kompaniýa bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ekosistemany hödürledi hem-de hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny görkezdi...

30.10.2025 09:57
2.1k+

ABŞ-da Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kraça institutynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Waşington şäherinde Bütindünýä bankynyň hem-de Perdýu uniwersitetiniň ýanyndaky Kraç Tehnologik Diplomatiýa institutynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdi...