Mourinýo Saud Arabystanynyň «Al-Şabab» toparyna ýolbaşçylyk etmäge razy boldy

  • 21.01.2024 15:44
  • 9.7k+

Portugaliýaly hünärmen Žoze Mourinýo Saud Arabystanynyň «Al-Şabab» futbol toparyna ýolbaşçylyk etmäge razy boldy diýip, RIA Nowosti «Aawsat» neşirine salgylanyp habar berýär.

Mourinýonyň soňky iş ýeri Italiýanyň «Roma» topary bolupdy. Ol 16-njy ýanwarda topary terk etdi. 2021/22-nji möwsümde portugaliýaly hünärmen topar bilen Konferensiýalar ligasynda ýeňiş gazanyp, rimlileri ilkinji Ýewropa kubogyna tarap alyp bardy. 2022/23-nji möwsümde Mourinýonyň ýolbaşçylygyndaky «Roma» Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy we penalti tapgyrynda Ispaniýanyň «Sewilýa» toparyndan utuldy.
Neşiriň habaryna görä, Mourinýo «Al-Şabab» toparynyň sport direktory Dominiko Tite bilen wideo aragatnaşyk arkaly gepleşik geçirdi. Saud Arabystanyň Professional ligasynyň işgärleri saýlamak boýunça komitetiniň portugaliýalynyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenmegini eýýäm tassyklandygy habar berildi. Mourinýonyň topar bilen şertnamasynyň şertlerini gutarnykly ylalaşmak üçin ýakyn günlerde Er-Riýada gelmegine garaşylýar.
Ozal, Mourinýo Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», «Çelsi» we «Tottenhem» toparlaryna, Madridiň «Realyna», Italiýanyň «Inter» toparyna, Portugaliýanyň «Portu», «Leýriýa», «Benfika» toparlaryna tälim berdi. Tälimçi hökmünde Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň (öňki UEFA kubogy) ýeňijisi boldy.


şu gün 09:11
416

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.1k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.3k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......