Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine ilaty göçürip getirmekde säwliklere ýol berilýändigi üçin nägilelik bildirdi

  • 21.01.2024 00:04
  • 50k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işinde säwliklere  ýol berilýändigi üçin Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň işine nägilelik bildirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 20-nji ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew täze şähere ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem täze şäherde söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýola goýluşy barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaýlaryna ilatyň göçürilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir. Şunda söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmak, hyzmatlar ulgamynda bökdençlikleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenendir.
Gurbanguly Berdimuhamedow Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, ýol berlen säwlikleri gysga wagtda düzetmek we Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......