Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy

  • 20.01.2024 23:34
  • 16k+

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, şeýle hem düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Liderine görkezilen taslamalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, senagat ugurly desgalaryň, muzeýiň, Saglyk öýüniň, Ýangyna garşy göreş gullugy binasynyň, “Saglyk”  seýilgähiniň teklip edilýän şekil taslamalary bar. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň Baş metjidiniň içki bezeg aýratynlyklaryna, lukmançylyk edaralarynyň klasterine degişli nyşanlaryň görnüşlerine degişli taslamalar görkezildi. 
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän şekil taslamalar bilen tanşyp, Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň taslamalaryna birnäçe belliklerini aýtdy we olara degişli düzedişleri girizdi. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr. 
Häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryň zamanasydygyny nazara alanyňda, ähli ugurlarda bolşy ýaly, gurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagynda täzeçil tehnologiýalaryň, dünýäniň ösen tejribesiniň we sanly ulgamyň netijeli ulanylmalydygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. 
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň önümçilik kuwwatlyklaryna niýetlenen güwanamalaryň, önümçiligiň söwda nyşanlarynyň döwrebap derejede taýýarlanylmagyna jogapkärçilikli we häzirki zamanyň talaby esasynda çemeleşilmelidigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda häzirki zamanyň täzeçil ýörelgeleriniň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......