Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze Athana toplumyna baryp gördi

  • 20.01.2024 23:23
  • 8.4k+

20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze Athana toplumyna bardy.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, şeýle hem düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.
“Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de “Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň” wise-prezidenti B.Rejebow 600 orunlyk athana toplumynda atşynaslaryň öndürijilikli işlemekleri we bu ýerde atçylyga degişli ylmy işleri alyp barmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur tagallalaryň edilýändigi üçin hoşallyk bildirdi. 
Gurbanguly Berdimuhamedow täze toplumyň mümkinçilikleri bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde milli atşynaslyk däplerini ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigini belläp, atşynaslygyň  milli ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagy babatda özüniň maslahatlaryny we öwüt-ündewlerini berdi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň innowasion usulda ýerine ýetirilmegi özüniň oňyn netijesini berer. Şunda bu ýerde döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler netijeli peýdalanylmalydyr.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......