Türkmenistanda “Elektron hökümet” ulgamyna X-Road arhitekturasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

  • 19.01.2024 23:10
  • 11k+

Türkmenistanda milli “Elektron hökümet” ulgamyny emele getirmekde täze çemeleşmelerden ugur alynýar. Onda dünýä tejribesinde üstünlikli ulanylýan X-Road arhitekturasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda BMG-niň Ösüş  maksatnamasy bilen bilelikde üpjün edijini saýlamak işleri geçirilýär.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen çäreler görülýär.
Sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hatarynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan hususy kompaniýalar bilen bilelikde işe girizilen “Duralga” atly mobil goşundysyny görkezmek bolar.
Mundan başga-da, milli elektron kommunikasiýalar ulgamlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň önümçilik binýadynda täze “Belet Video” hyzmaty işe girizildi we onda ylmy-okuw, aýdym-saz, okuw materiallary, habarlar, dokumental filmler ýaly dürli wideolaryň yzygiderli üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň döwrebaplaşmagy bilen ýurdumyzda internet akymlarynyň möçberiniň yzygiderli artýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň sanly hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......