Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça resminama gol çekdi

  • 19.01.2024 22:25
  • 22k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna «Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek üçin ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde M.Çakyýew ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmek, maglumat tehnologiýa we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurda milli önümçiligi ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talabydygyny belledi hem-de gol çekip, ony sanly ulgam arkaly Agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.  


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....