Emeli aň ilkinji gezek olimpiadanyň meselelerini çözmekde matematikler bilen deňleşdi

  • 19.01.2024 21:29
  • 6.7k+

Amerikaly matematikler halkara matematika olimpiadalaryna gatnaşyjylaryň başarnyklaryna baha bermek üçin ulanylýan iň çylşyrymly geometrik meseleleri çözmäge ukyply emeli aň ulgamyny döretdiler diýip, TASS Nature žurnalynyň makalasyna salgylanyp habar berýär.

"Ewklid geometriýasyndaky teoremalary, gapdaldan adam kömegi bolmazdan, subut edip bilýän AlphaGeometry ulgamyny döretdik. Ol ýakynda halkara matematika olimpiadalarynda ulanylan 30 meseläniň 25-sini çözmegi başardy, bu beýleki AI ulgamlarynyňkydan ep-esli köpdür we bu ýaryşlarda altyn medal gazananlaryň üstünlikleri bilen deňeşdirerliklidir"diýip, gözlegçiler ýazýarlar.

AlphaGeometry Deepmind-iň uly alymy Min-Thang Luongyň ýolbaşçylygyndaky matematikler topary tarapyndan döredildi. Ulgam AI üçin iň amatsyz matematiki meseleleri çözmäge - ýewklid geometriýasy bilen baglanyşykly teoremalaryň subutnamalaryny gözlemäge ukyplydyr. Olary çözmegiň çylşyrymlylygy algoritm üçin düşnükli dile terjime etmegiň, şeýle hem öwretmek üçin ýeterlik mukdarda mysal ýygnamagyň kynlygy bilen baglydyr.
DeepMind-yň hünärmenleri döreden AlphaGeometry dil neýro ulgamyny, şeýle hem eýýäm belli matematiki kanunlary ulanyp, köp sanly sintetiki teoremany we subutnamany ösdürmäge mümkinçilik berýän ýörite algoritm ulanyp, bu meseläni çözmegi başardylar. Netijede, alymlar neýro ulgam üçin özboluşly “geometriýa okuw kitaby” aldylar - AI ulgamyna düşnükli dilde ýazylan 100 million geometrik teoremanyň göçürmesini aldylar.


07.03.2026 17:10
908

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...