Anjelina Joli bilen Bred Pittiň Täze Orleandaky jaýy 2,8 mln dollara satyldy

  • 19.01.2024 14:16
  • 13k+

Aktýorlar Anjelina Joli bilen Bred Pittiň Täze Orleanyň taryhy Fransuz kwartalyndaky jaýy auksionda 2,8 mln dollara satyldy. Bu barada gozgalmaýan emläk baradaky Mansion Global neşiri habar berýär. Jaýy satmak barada ylalaşyk 2023-nji ýylyň dekabr aýynda gazanyldy diýip, forbes.kz belleýär.

1830-njy ýyllarda gurlan bu jaý birwagtlar Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Pol Allene-de degişli bolupdy. Onuň umumy meýdany 715 inedördül metr. Anjelina Joli bilen Bred Pitt bu öýe 2006-njy ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda eýeçilik etdi. Jaýyň auksiona çykaryljakdygy barada geçen ýylyň noýabr aýynda belli boldy.

“Satuw kampaniýasynyň netijesinde potensial alyjylardan 1000-e golaý teklip kabul edildi we 12 sany auksiona gatnaşyjy hasaba alyndy” – diýip, söwdany geçiren Interluxe Auctions auksion öýüniň prezidenti we baş müdiri Skott Kirk belledi. Jaýyň satuw mukdary 2023-nji ýylda Fransuz kwartaly üçin rekord boldy.

Joli bilen Pittiň bu jaýy klassyky stilde ýerine ýetirilen bolup, onda bäş wanna otagy, ýedi ýatylýan otag, şeýle-de sport zaly, lift, ussahana we ammar bar. Onuň çäginde basseýnli we suw çüwdürimli howly hem-de iki gatly myhman jaýy ýerleşýär.

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......