Resident Evil 9, täze Mafia we Game of Thrones: Summer Game Fest 2025-de nämeler görkezildi?

  • 09.06.2025 22:20
  • 3.8k+

7-nji iýun gijesi «Summer Game Fest 2025» festiwalynyň açylyşyna bagyşlanan iki sagatlyk uly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda köp sanly täze oýunlar görkezildi.

Görkezilen oýunlaryň arasynda meşhur seriýalaryň dowamlary, meşhur älemlere esaslanýan adaptasiýalar we ilkinji gezek tanyşdyrylan taslamalar bar.

Resident Evil Requiem
«Capcom» kompaniýasy «Resident Evil» oýunlarynyň dokuzynjy esasy bölümini «Requiem» ady bilen tanyşdyrdy. Oýnuň wakalary weýran bolan Rakkun-Sitide geçýär. Baş gahryman – FBI-yň agenti Greýs, ol ençeme syrly ölümiň sebäbini derňeýär. Olaryň arasynda öz ejesiniň – «Resident Evil Outbreak» oýnundaky habarçy zenanyň ölümi hem bar. Oýun 2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda PC, Xbox Series X|S we PS5 üçin çykarylar.

Game of Thrones: War for Westeros
«Tagtlaryň oýny» esasynda döredilen häzirki wagtdaky klassyky strategiýa oýny. Oýny ýekelikde ýa-da dostlaryň bilen bilelikde oýnap bolýar. Oýunçylar Westerosdaky uruşda Starklar, Lannisterler, Targarienler ýa-da Ak gezýänler toparyndan birini saýlap, kitapdaky taryhy öz islegi boýunça üýtgedip bilerler. Uly öýleriň ýolbaşçysy hökmünde gahrymanlary jemläp, häkimiýet üçin göreşmeli. Oýun 2026-njy ýylda çykar.

Onimusha: Way of the Sword
«Onimusha» äleminiň çägindäki fentezi görnüşindäki ekşen oýny oýunçylary Edo döwrüniň Kioto şäherine alyp gider. Baş gahryman – Genma atly monstrler bilen göreşip, Oni atly artefakty gözleýän samuraý.

Death Stranding 2: On the Beach
Hideo Kodzima Luka Marinelli tarapyndan ýerine ýetirilýän gahryman Niliň wideosyny görkezdi. Ol lukmany görmäge gelýär. Seans onuň üçin dramatiki açyşa öwrülýär.

Dune: Awakening
«Dýuna» esasynda döredilen köp oýunçyly oýun 10-njy iýunda çykar. Iň soňky treýleri görkezildi.

Hitman
«Hitman: World of Assassination» oýnuna täze nyşana goşulýar – «Kazino „Roýal“» filmindäki Lýo Şiffr, onuň keşbini meşhur aktýor Mads Mikkelsen ýerine ýetirýär. Missiýa 7-nji iýundan başlap elýeterli bolar.

Mafia: The Old Country
Täze «Mafia» oýnunyň sýužet treýleri görkezildi. Baş gahryman – XX asyryň başlarynda Sisiliýada ýaşaýan Enzo Fawara. Ol mafiýanyň başlygynyň gyzy bilen tanyşansoň, atçylykdaky ýönekeý durmuşyndan çykyp, uly möçberli pullar we töwekgelçilikli wakalar bilen dowam edýär. Oýun 8-nji awgustda çykarylar.

MindsEye
«GTA» oýunlarynyň öňki prodýuseri Lesli Benzis tarapyndan döredilen futuristik triller. Oýunda neýroimplantly esgeriň başdan geçirenleri gürrüň berilýär. Oýun 10-njy iýunda çykar.

Deadpool VR
Dedpul boýunça diňe «Meta Quest» wirtual hakykat şlemleri üçin niýetlenen özbaşdak şuter oýny döredilýär. Gürlegen hakyna tutma gahrymanymyz şübheli şertnama gol çekip, «Marvel» äleminde öz usuly bilen göreşe başlaýar. Elinde bolsa özboluşly sapançalary we ok saklap bilýän katanasy bar. Gahrymany Nil Patrik Harris seslendirýär. Oýun 2025-nji ýylyň ahyrynda çykar.

Killer Inn
24 oýunçynyň gatnaşmagyndaky asimmetrik şuter oýny. «möjekler» «guzylary» awlamaly, «guzylar» bolsa «möjekleriň» kimdigini ýüze çykarmaly. Wakalar garaňky galada bolup geçýär.

Fractured Blooms
Wagt petigine düşen gyzjagaz barada psihologik durmuş simulýatory. Oýunda öýe we onuň ýaşaýjylaryna ideg etmek, ekin ekip, nahar bişirip, dünýäni öwrenmek we her bir güni strategiýa esasynda meýilleşdirmek gerek. Oýunçynyň hereketleri wagt aýlawynda saklanýar we barha giňeýän dünýäniň syrlaryny açmaga kömek edýär. Oýun «Silent Hill» bilen «Doki Doki Literature Club» oýunlarynyň elementlerini birleşdirýär.

Stranger Than Heaven
«Ryu Ga Gotoku» studiýasy täze detektiwlik oýnuny hödürledi. Oýunda baş gahryman Maki Daýto glamurly, emma töwekgelçilikli we neonly köçeleri bolan şäherde bir işi derňeýär. Oýnuň çykjak senesi entek mälim edilmedi.

şu gün 17:12
743

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....

şu gün 16:10
434

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

şu gün 11:17
5k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

şu gün 10:37
5.9k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....