Android-lerde Crocodilus wirusy ýaýraýar. Ol özüni programma görnüşinde gizläp, maglumatlary ogurlaýar

  • 09.06.2025 19:44
  • 7.1k+

Jenaýatçylar Crocodilus zyýanly programma üpjünçiligini bank we kriptowalýuta hasaplaryna girmek üçin kanuny programmalar hökmünde gizläp, bütin dünýäde Android ulanyjylarynyň arasynda ýaýradýarlar. Bu barada TechSpot neşiri habar berýär.

Troýan Facebook mahabatlary, galp brauzer täzelenmeleri we galp onlaýn kazinolar arkaly paýlanýar. Wirus köplenç Argentinada, Braziliýada, ABŞ-da, Indoneziýada we Hindistanda hasaba alynýar.
Gurlandan soň, Troýan ulanyjynyň bank programmalarynda edýän hereketlerini yzarlap başlaýar. Ulanyjy hakyky programmany açanda, wirus giriş ekranyny galp programma bilen çalşyp, logine we parollara girip bilýär. Programma Android 13-iň we has täze howpsuzlyk mehanizmlerinden aýlanyp geçip bilýär.
Crocodilus-yň täzelenen wersiýasy ulanyjyny galp jaňa jogap bermäge ynandyrmak üçin “Bank goldaw gullugy” hökmünde gol çekilen aragatnaşyk sanawyna galp belgileri goşýar. Bu şübheli jaňlar barada içerki duýduryşlardan aýlanyp geçmäge  mümkinçilik berýär.
Wirus bilinmekden we derňelmekden gaça durmak üçin XOR şifrlemek ýaly kod obfuskasiýa etmek usullaryny ulanýar. Ol programma kodunyň çylşyrymly gurluşyny ulanyp, rewers-inžiniringe işjeň garşy durýar.
Kiber jenaýatçylar enjamlara wirus ýaýratmak üçin dürli kanallary: galp, şol sanda Google Play-däki programmalary we käbir enjamlarda öňünden gurlan zyýanly programmalary ulanýarlar. Wirus ýokaşan telefondaky kontakt maglumatlary täze hüjümler üçin ulanylyp we banklara edilýän jaňlar galp jaň merkezlerine gönükdirilip bilner.


04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
943

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

19.02.2026 12:42
1.9k+

Heniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy

"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar...