Amerikan kompaniýasy penjiresiz hususy uçar konseptini görkezdi

  • 09.06.2025 19:57
  • 10k+

«Otto Aviation» amerikan kompaniýasy illýuminatorlary (adaty ýolagçy penjireleri) bolmadyk «Phantom 3500» atly täze hususy uçarynyň taslamasyny görkezdi. «The War Zone» maglumat çeşmesiniň habar bermegine görä, gözýaş şekilli göwresi bolan bu uçar raýat maksatly taýýarlanan bolsa-da, harby ugurlar üçin hem peýdaly bolup biler.

Penjireleriň ýoklugy ýolagçylara oňaýsyzlyk döretmez, olaryň ýerine daşky görnüşi göni görkezýän ýokary hilli ekranlar oturdylar. Penjire diňe uçarmanyň kabinasynda bolar.
Adatdan daşary uçaryň ilkinji uçuşy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär.
«Phantom 3500» öňki «Celera 500L» modeliniň kämilleşdirilen görnüşi bolup, «Williams FJ44» kysymly iki sany turbowentilýator hereketlendirijisi, ulaldylan ganatlar we «T» görnüşli guýruk bilen üpjün ediler. Şol bir wagtyň özünde, aerodinamiki gurluşy, ýagny ýeli ýeňil ýaryp geçýän tekiz göwresi saklanyp galýar. Bu bolsa howadaky yrgyldylar (turbulensiýa) bilen ýangyjyň sarp edilişini ep-esli azaldýar.


Aerodinamikasy we ykjam hereketlendirijileri sebäpli, «Phantom 3500» sagatda ortaça 115 gallon (takmynan, 435 litr) ýangyç sarp eder. «Otto Aviation» kompaniýasynyň baş direktorynyň bellemegine görä, bu görkeziji şoňa meňzeş uçarlaryňkydan iki esse azdyr.
«Phantom 3500» uçary 15 kilometre çenli beýiklikde uçup biler. Ýangyç bilen gaýtadan üpjün edilmezden uçup bilýän iň uzak aralygy bolsa, takmynan, 6500 kilometr (3500 deňiz mili) bolar. Şeýle hem uçar dört ýolagçyny 3200 deňiz mili aralyga çenli, sagatda 740 kilometr tizlik bilen gatnadyp biler.
Bu uçar şäherara uçuşlar üçin amatly bolmak bilen birlikde, elýeterli bolmadyk sebitlere uçmak üçin hem peýdaly bolup biler. Şol bir wagtda «Otto Aviation» kompaniýasy ABŞ-nyň Goranmak ministrligi (DARPA) üçin uçuş wagtynda dronlara zarýad berip bilýän ulgam bilen enjamlaşdyrylan görkezme nusgasyny hem işläp taýýarlaýar.


şu gün 00:57
4.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......