Gresiýa 2024-nji ýylda syýahatçylar üçin howa salgydyny girizýär

  • 18.01.2024 20:51
  • 9k+

Gresiýanyň häkimiýetleri şu ýyl syýahatçylardan howa salgydyny ýygnap başlar, ol häzirki myhmanhana salgydynyň ornuny tutup, ýokary möwsümde – mart aýyndan oktýabr aralygynda hereket eder. Bu barada respublikanyň hökümet neşirine salgylanyp, Interfax habar berýär.

“Şu ýyl Gresiýa syýahatçylar üçin täze salgyt girizdi. Ol “howa çökgünligine durnuklylyk üçin töleg” diýlip atlandyryldy we ol häzirki myhmanhana salgydynyň ornuny tutar. Täze sistema boýunça ol mart aýyndan oktýabr aýy aralygynda ýaşamak üçin ýerleşilýän obýektlerde ýygnalar. Häkimiýetler bu salgydyň tebigy betbagtçylyklarda kömek etmek üçin gowy maliýe goldawy boljakdygyna bil baglaýarlar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, salgyt mukdary myhmanhananyň kategoriýasyna görä üýtgär.
Mysal üçin, birýyldyzly ýa-da ikiýyldyzly myhmanhanalarda bir gije üçin goşmaça 1,5 ýewro tölemeli bolar, öň salgyt 0,5 ýewrody. Üçýyldyzly myhmanhanada salgyt bir günde 3 ýewro bolar (öň, 1,5 ýewro), dörtýyldyzly myhmanhanada bolsa 3 ýewro däl-de, 7 ýewro tölemeli bolar. Bäşýyldyzly myhmanhanalarda günde goşmaça 10 ýewro tölemeli bolar (öň, 5 ýewro).
Neşiriň belleýşi ýaly, howa salgydy ýerleşýän ýeriň bahasyna goşulmaýar, ony ýerinde tölemeli.
Şol bir wagtyň özünde, syýahatçylyk salgydy pes möwsümde hem saklanýar. Ol noýabr aýyndan fewral aýy aralygynda bir gün üçin 0,5 – 4 ýewro bolar.

 


şu gün 00:59
3.5k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.3k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.2k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....