Ýaponiýa üçin taryhy gün. SLIM apparaty Aýa gonmaga taýynlanýar

  • 18.01.2024 20:07
  • 6.4k+

Ýaponiýanyň SLIM awtomatiki Aýa gonuş apparaty Aýyň orbitasynyň pes halkasyna üstünlikli girdi. IXBT.com habarlar gullugynyň habaryna görä, ol uçurylandan 110 gün soň, 19-njy ýanwarda Aýa gonmaga synanyşar.

25-nji dekabrda SLIM Aýyň orbitasyna ýetdi we 14-nji ýanwarda bolsa pessaýlamak manýowryny geçirdi. Bu amal wagtynda kosmos gämisiniň nawigasiýa kamerasy Aýyň üstüni yzygideli surata aldy.
Ýaponiýanyň JAXA Aerokosmiki gözleg gullugy: "Aşaklamak we gonmak üçin ähli taýýarlyk işleriniň tamamlanandygyny tassyklaýarys" – diýip belledi. Gonmaga synanyşygyň görkezilişi göni ýaýlymda , takmynan, gonuşdan bir sagat öň başlar.
Apparat Şioli krateriniň eňňidindäki bellenen nokatdan 100 metrden uzak bolmadyk ýere gonar.
SLIM-iň üstünlikli gonmagy Ýaponiýany Aýa ýumşak gonmagy gazanan bäşinji ýurt eder. 2023-nji ýylyň awgust aýynda Hindistan Chandrayaan-3 missiýasy bilen dördünji ýurt bolupdy.


09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

17.04.2026 16:15
4.2k+

Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisiniň netijeleri boýunça ylalaşyklar toplumyna gol çekildi

Aşgabatda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna......

26.03.2026 21:03
4.8k+

Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär....