Türkmen ilçisi Italiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 18.01.2024 15:14
  • 6.4k+

15-nji ýanwarda Italiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we Halkara Hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn ähmiýete we üstünlige eýe bolandygy nygtaldy. Taraplar iki ýurduň liderleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, duşuşykda halkara guramalarynyň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek hem-de ylmy, medeni, söwda we ykdysady ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, hususan-da degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmek, medeni çäreler, hukuk binýadyny berkitmek, şeýle hem iki ýurduň ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri guramak arkaly ikitarapalýyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ädimler barada aýdylyp geçildi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......