Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji kitaby Bakuda tanyşdyryldy

  • 18.01.2024 15:10
  • 5.5k+

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Onda beýik akyldar şahyryň umumadamzat ähmiýetli döredijiligi, doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde dabaraly belleniljekdigi we çärelere ýurdumyzda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada belläp geçdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitabyň ýaş nesilleri watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedigini we Döwlet baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi barada nygtap geçdiler.
Ýokarda agzalan çärelere Azerbaýjanyň milli Ylymlar akademiýasynyň hem-de bu Akademiýanyň Nizami Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň professor-alymlary, magtymgulyşynaslar we Azerbaýjanda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Dabaraly çäre Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň Magtymguly Pyragy barada Azerbaýjanda surata düşürilen “Hakyň guly - Magtymguly” atly dokumental filmi görkezilmegi bilen tamamlandy.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
759

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......