Google taryhda ilkinji gezek Günorta Amerikany Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti bilen birleşdirjek suwasty internet kabelini çeker

  • 17.01.2024 15:40
  • 16k+

Google kompaniýasy Günorta Amerika bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitini gönüden-göni birleşdirjek täze umman internet kabelini gurmak meýilnamasyny yglan etdi diýip, IXBT.com habar berýär.

Bu ugur geograf Aleksandr fon Gumboldtyň hormatyna Humboldt diýip atlandyryldy.
Çilini, Fransuz Polineziýasyny we Awstraliýany Ýuwaş ummanyň üsti bilen göni baglanyşdyrjak optiki süýümli aragatnaşyk Çili hökümetiniň öňden bäri maksady bolup gelýärdi. Häzir bu taslama Google goşulandan soň, onuň durmuşa geçirilmegi hakykata has ýakyn boldy.
Taslama gatnaşyjylara 400 million dollara düşer. Oňa, Google-dan başga-da, Çiliniň Desarrollo País infrastruktura gaznasy, Office of Posts and Telecommunications of French Polynesia we beýlekiler gatnaşýarlar. Kabeliň uzynlygy takmynan 15 000 km bolar we ony çekmek işi  2026-njy ýyla çenli tamamlanar.
Analysys Mason-yň berýän çaklamasyna görä, Google-yň Latyn Amerikasyndaky we Karib deňzindäki öňki suwasty kabelleriniň 2017-nji we 2027-nji ýyllar aralygynda jemi içerki önümiň 178 milliard dollar artmagyna getirer we 2027-nji ýyla çenli, takmynan, 740 000 sany täze iş ýeri dörediler.


24.02.2026 09:46
1.7k+

Google Newadadaky maglumat merkezlerini 15 ýyllap geotermal energiýa bilen üpjün eder

Google kompaniýasy Newada ştatyndaky maglumat merkezleriniň (data-center) işini üpjün etmek üçin kuwwaty 150 MWt çenli bolan geotermal energiýany satyn almak barada 15 ýyllyk şertnama gol çekdi. Ylalaşyk Berkshire Hathaway-iň düzümine girýän NV Energy jemgyýetçilik hyzmaty we geotermal energetika pudagynda işleýän Ormat kompaniýasy bilen baglaşyldy...

12.02.2026 17:27
1k+

ABŞ Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny çip paçlaryndan boşatmak isleýär

ABŞ-nyň Söwda ministrligi ýurduň tehnologiýa ägirtleri bolan Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny ýarymgeçirijileriň importyna giriziljek täze gümrük paçlaryndan boşatmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç dünýäniň iň uly çip öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasynyň ABŞ-daky maýa goýum taslamalary bilen göni baglanyşyklydyr...

07.02.2026 12:51
1.3k+

Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar...

28.01.2026 09:57
1.6k+

Google gepleşikleri gizlin ýazgy etmek boýunça kazyýet dawasy üçin 68 million dollar töler

Google kompaniýasy "Google Assistant" ses kömekçisiniň gizlinlik düzgünlerini bozandygy barada ABŞ-da gozgalan kollektiwleýin talap arzasyny çözmek üçin 68 million dollar tölemäge razy boldy. Bu barada The Hill neşiri habar berýär...