Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Merkezi Aziýanyň Halkara institutynyň müdiri bilen duşuşdy

  • 17.01.2024 15:45
  • 6.2k+

Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçisi Şadurdy Meredow Merkezi Aziýanyň Halkara institutynyň müdiri Žawlon Wahabow bilen duşuşdy. Bu barada institutyň ýolbaşçysy X sosial ulgamynda habar berdi diýip, Daryo.uz belleýär.

Diplomat onuň bilen 2024-nji ýylda özara gatnaşyklaryň mundan beýläkki ugurlary barada maslahatlaşdy.
Habarda Türkmenistanyň prezident Şawkat Mirziýoýewiň 2016-njy ýylyň ahyrynda wezipä girişeninden soň sapar eden ilkinji ýurdy bolandygy bellenilýär.

“Iki ýurt söwdada has gowy netije beren strategiki hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy. Soňky ýyllarda serhet proseduralary we hereket düzgünleri ep-esli gowşadyldy we ýönekeýleşdirildi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Merkezi Aziýanyň Halkara instituty Özbegistanyň prezidentiniň başlangyjy bilen 2020-nji ýylda döredildi. Bu Merkezi Aziýada siwilizasiýa köpdürlüligini we durnukly ösüşiň häzirkizaman proseslerini öwrenmek bilen meşgullanýan sebitde ýeke-täk döwlet ylmy-gözleg edarasydyr. 


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......