Fewral aýynyň haýsy günlerinde magnit hadysasynyň täsiri güýçli bolar

  • 17.01.2024 15:03
  • 13k+

Bilşimiz ýaly, Gündäki partlamalar diňe bir dürli tehnikanyň işine däl, eýsem, howa garaşlylygyndan ejir çekýän adamlaryň özüni duýşuna-da täsir edýär. Hünärmenler güýçli magnit hadysasynyň bolan günleri adamlaryň üýşmeginden daşrakda durmagy, fiziki agramy azaltmagy we köpräk suw içmegi maslahat berýärler diýip, “Argumenty i fakty” neşiri belleýär.  

Neşiriň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, 17-nji fewralda sagdyn adamlara täsir edip biljek güýçli magnit hadysasynyň bolmagyna garaşylýar.
22-nji fewralda orta derejede güýçli hadysanyň bolmagyna garaşylýar. Onuň täsiri howa duýgur adamlar üçin güýçli bolar. Olar kellagyryny, gan basyşynyň ýokarlanmagyny we hroniki keselleriň güýçlenmegini başdan geçirip bilerler.
Üçünji magnit hadysasy 27-nji fewralda bolar. Ol bu üç hadysanyň arasynda iň gowşagy bolar we diňe immuniteti pes adamlara täsir eder, olarda ukusyzlyk, ýadawlyk, işdäniň ýitmegi ýüze çykyp biler.
Tebigy hadysalaryň ýaramaz netijelerine taýýarlanmak bolar. Munuň üçin immunitetiňi güýçlendirmek gerek. Hünärmenler sport bilen meşgullanmagy maslahat berýärler. Türgenleşdirilen organizm kynçylyklardan aňsat baş çykarýar.
Suw içmegi hem ýatdan çykarmaly däl: suw režimi tomusdygyna ýa-da gyşdygyna garamazdan berjaý edilmelidir.
Rahatlygy saklamaga çalşyň we islendik dartgynly ýagdaýlardan gaça duruň. Magnit hadysasy wagtynda dogry iýmitlenmek hem ýaramaz özüňi duýuşdan gaçmaga kömek eder.


düýn 12:08
5.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......