Kia ilkinji bolup gapdallygyna sürüp bolýan awtoulaglary öndürmegi meýilleşdirýär

  • 16.01.2024 12:06
  • 17k+

Las-Wegasda geçirilen CES 2024 sergisinde Hyundai kompaniýasy e-Corner ulgamynyň täze nesli bilen enjamlaşdyrylan Mobion awtoulagyny hödürledi. Bu tehnologiýa dört tigriň ählisine 90 gradusdan gowrak burçda özbaşdak öwrülmäge mümkinçilik berýär. Tehnologiýanyň iş ýüzünde ulanylmaga taýyn bolandygy we Hyundai Motor Group-a girýän ýene bir kompaniýa bolan Kia-nyň ilkinji bolup ulanjakdygy bellendi diýip,  InsideEVs-e salgylanýan IXBT.com habar berýär.

Häzirki görnüşindäki Mobion aslynda üýtgedilen Ioniq 5-dyr. Hyundai Mobis-iň ýolbaşçylary 2025-nji ýyla çenli e-Corner ulgamynyň işläp taýýarlanylyşyny tamamlamagy meýilleşdirýärler. Tehnologiýa taýýar bolansoň, ol awtoulag kompaniýalaryna satylyp başlanar diýip, kompaniýanyň öňdebaryjy taslamalaşdyryş bölüminiň başlygy Li Syn Hwan habar berdi.
Kompaniýa häzir e-Corner-iň bahasyny arzanlatmagyň (her tigirdäki iki hereketlendiriji baha ýagdaýyny kynlaşdyrýar) we berklik ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmegiň üstünde işleýär.
Eger hemme zat gowy bolsa, e-Corner-iň önümçiligine 2030-njy ýylda başlanyp bilner. Li Syn Hwanyň sözlerine görä, Kia e-Corner-iň ilkinji satyn alyjylardan biri bolup biler.
Li-iň sözlerine görä, e-Corner-iň iň işjeň  ulanyljak ýeri — geljekdäki robot awtoulaglary kimin täjirçilik ulag serişdeleri bolar.


09.05.2026 12:43
3.5k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....