Gurnalan linzaly, ChatGPT-li we gepleşigi dürli dillere terjime edip bilýän akylly äýnek döredildi

  • 16.01.2024 12:04
  • 6.9k+

Solos startap kompaniýasy ChatGPT bilen işleýän we söhbetdeşleriň gepleşiklerini dürli dillere terjime edip bilýän AirGo 3 akylly äýnegi hödürledi diýip, MobileSyrup-a salgylanýan Ferra habar berdi.

Terjime aýratynlygyndan başga-da, AirGo 3-de ses sazlaýjy duýgur datçik, USB-C zarýad beriji, resept boýunça linza oturtmak mümkinçiligi, 10 sagat awtonom işläp bilýän batareýasy we IP67 derejeli suwa çydamlylygy bar.
Terjime etmek üçin täze önüm hakyky wagtda takyk we tebigy terjimäni üpjün edip, ösen tebigy dilleri gaýtadan işleýän ulgamy ulanýar. Şol bir wagtyň özünde, enjam iki ugur boýunça işleýär, bu size diňe bir daşary ýurt diline düşünmäge däl, eýsem halkara aragatnaşykda tapylgysyz gurala öwrülýän gürlemek mümkinçiligini hem berýär.
AirGo 3 ikiçäk gepleşikler üçin “diňlemek tertibini” goşmak bilen, birnäçe terjime režimini hödürleýär: birnäçe ulanyjynyň arasynda terjime edilen ara alyp maslahatlaşmalara başlamaga we olara goşulmaga mümkinçilik berýän “topar tertibi”; terjime edilen habarlary Solos smartfon programmasy arkaly tekste öwürmäge mümkinçilik berýän "tekst tertibi".
Äýnegiň bahasy 199 dollardan başlap, birnäçe reňk görnüşinde hödürlenýär.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...