Aýtana Bonmati ýylyň iň gowy zenan futbolçysy boldy

  • 16.01.2024 09:09
  • 7.1k+

Aýtana Bonmati (“Barselona”, Ispaniýanyň milli ýygyndysy) FIFA-nyň garaýşy boýunça ýylyň iň gowy zenan futbolçysy üçin baýragyň eýesi boldy. Şeýle-de, dalaşgärleriň gysga sanawyna Linda Kaýsedo (“Real”, Kolumbiýanyň milli ýygyndysy) we Jennifer Ermoso (“Paçuka”, Ispaniýanyň milli ýygyndysy) girdi.

Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylda Aýtana Bonmati “Barselonanyň” düzüminde Ispaniýanyň Superkubogynda, Çempionlar ligasynda, La Ligada hem-de Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde zenanlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy. 30-njy oktýabrda Aýtana Bonmati zenanlaryň arasynda “Altyn top” – 2023 baýragyny aldy. Häzirki möwsümde 25 ýaşly ispaniýaly “Barselonanyň” 14 oýnuna gatnaşyp, sekiz gol geçirdi we alty netijeli geçirim etdi.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......