"Türkmenistan" awiakompaniýasy mart aýyndan Milan we Hoşimin şäherlerine uçup başlar

  • 15.01.2024 17:18
  • 16k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy mart aýynda Aşgabatdan Hoşimin (Wýetnam) we Milan (Italiýa) şäherlerine yzygiderli howa gatnawlaryny açmagy meýilleşdirýär.

"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, Aşgabatdan Hoşimine (Wýetnam) 5-nji martdan hepdede iki gezek, Aşgabat – Milan (Italiýa) aralygyna 6-njy martdan hepdede bir gezek uçuş amala aşyrylar.
Belläp geçsek, ýanwar aýynyň başynda awiakompaniýa Aşgabat – Abu-Dabi aralygyna hepdede bir gezek gatnawy täzeden ýola goýdy.
Awiakompaniýa fewral aýynda Jidda (Saud Arabystany) we Kuala-Lumpur (Malaýziýa) aralygyna hyzmatlaryny hödürlemegi meýilleşdirýär. Aşgabat – Kuala-Lumpur ugry boýunça uçuşlar 15-nji fewraldan hepdede iki gezek, 16-njy fewraldan bolsa hepdede üç gezek Aşgabat – Jidda howa gatnawyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Italiýanyň KHBS-niň neşirlerinde «Türkmenhowaýollarynyň» Aşgabatdan Milanyň Malpensa howa menziline täze ugry, täze «Boeing 777-300 ER» kysymly ýolagçy uçarlarynyň ulanylýandygy we demirgazyk Italiýadan Wýetnama gidýän ýolagçylar üçin bu ugruň amatlydygy, Türkmenistan we onuň paýtagty barada umumy maglumatlar barada habarlar peýda boldy.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......