The Best FIFA baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi. Dabarany haçan we nirede görüp bolýar?

  • 15.01.2024 17:04
  • 6.4k+

Şu gün, 15-nji ýanwarda The Best FIFA Football Awards 2023 dabarasy geçiriler. Bu çäre Londonda geçer we ony “Матч ТВ” teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer. Dabara Aşgabat wagty bilen sagat 00:30-da başlar.

2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysy üçin baýraga dalaşgärleriň gutarnykly sanawyna üç futbolçy girdi. Bular “Inter Maýaminiň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi, “Mançester Sitiniň” oýunçysy Erling Holand we “PSŽ-niň” fransiýaly oýunçysy Kilian Mbappedir.
Iň gowy tälimçi ady ugrunda Hosep Gwardiola (“Mançester Siti”), Simone Indzagi (“Inter”) we Luçano Spalletti (“Napoli, Italiýanyň ýygyndysy) bäsleşer.
Iň gowy derwezeban üçin baýraga dalaşgärler Ýassin Bonodan (“Sewilýa”, “Al-Hilýal”), Tibo Kurtuadan (Madridiň “Realy”) we Edersondan (“Mançester Siti”) ybarat.
2022-nji ýylda iň gowular Lionel Messi (ýylyň oýunçysy), Lionel Skaloni (ýylyň tälimçisi) we Emiliano Martines (ýylyň derwezebany) boldy.
Zenanlaryň futbolynda ýylyň iň gowy zenan futbolçysy ady ugrunda Linda Kaýsedo, Jenni Ermoso we Aýtana Bonmati bäsleşer.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......