Asus iki sany eplenýän ekranly Zenbook Duo noutbugyny çykardy

  • 15.01.2024 09:04
  • 6.7k+

«Asus» korporasiýasy iki displeýi bolan «Zenbook Duo» noutbugyny tanyşdyrdy. Bu barada lenta.ru «The Verge» neşirine salgylanyp habar berýär.

Enjam özara berkidilen üç bölekden – iki ekrandan we klawiaturadan ybarat. OLED ekranlaryň diagonaly 14 dýuým, taraplarynyň gatnaşygy 16:10, durulygy 2880x1800 piksel we ýygylygy 120 gersdir. Kompýuterde jemi diagonaly 19,8 dýuýma deň bolan panel bar.Kompaniýa bu enjamyň dürli usullarda ulanylyp bilinjekdigini mälim etdi. Esasy enjamda bir ekran we klawiatura tarapyndan gizlenen ikinji ekran bar. Şeýle hem displeýleri klawiaturadan aýratynlykda stoluň üstünde goýup bolýar. Mundan başga-da, klawiaturany aýryp iki sensorly ekrany planşet hökmünde ulanyp bolýar.
«Asus Zenbook Duo» «Intel Core Ultra 9 185H» prosessoryna, 32 gigabaýt operatiw ýada we 2 terabaýt goşmaça ýada eýedir. Şeýle hem enjam iki sany «Thunderbolt 4» porty, USB-A birikdirijisi, HDMI çykyşy we ses ulgamyny ýa-da simli gulaklyklary birikdirmek üçin interfeýs bilen üpjün edildi.
«Zenbook Duo-nyň» bahasy 1499 dollara deňdir. Enjam ABŞ-da 2024-nji ýylda peýda bolar.

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......