92 ýaşly aýal dünýäde suw lyžasy bilen meşgullanýan iň garry türgen boldy

  • 15.01.2024 08:52
  • 14k+

ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň 92 ýaşly ýaşaýjysy suw lyžasynda typýan iň garry türgen hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň metbugat gullugy habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Dwan Ýakobsen sportuň bu görnüşi bilen 1961-nji ýyldan bäri meşgullanýar. Aýalyň maşgalasynyň Ber kölünde öýi bar, bu ýerde türgen öz ýakynlary bilen her tomus lyžada typýar. Aýaly Rekordlar kitabyna girizmek üçin arzany ony habardar etmezden Ýakobseniň agtyklary tabşyrdy we ol tiz wagtdan hünärmenler tarapyndan kabul edildi.
Şatlykly habary türgene onuň agtyklary we çagalary Roždestwo agşamlygynda habar berdiler.
Türgen henizem muňa ynanmaýandygyny aýdýar. Suw lyžasynda typmakdaky duýgulary barada gürrüň bermek bilen, Ýakobsen her gezek suwa girende özüni şadyýan duýýandygyny we gowy görýän sporty bilen şeýle uly ýaşda meşgullanyp bilýändigine begenýändigini aýtdy.


düýn 18:58
5.4k+

Ak tamda UFC söweşleri geçiriler: ABŞ-da kazyýet ýaryşy makullady

ABŞ-da kazyýet Ak tamyň çäginde meýilleşdirilýän Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) tutluşyklaryny ýatyrmak baradaky şikaýat arzasyny ret edip, degişli çäräniň geçirilmegini makullady. Bu barada resminama......

düýn 16:24
4.6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:21
1.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....