Emeli aň satuw menejerlerine her gün 2 sagatdan köp wagt tygşytlamaga kömek etdi

  • 14.01.2024 16:34
  • 4.3k+

Programma üpjünçiligini işläp düzüji amerikan kompaniýasy HubSpot ABŞ-daky 648 satuw hünärmeninden we 303 biznes liderinden emeli aňyň olaryň işine nähili täsir edendigi barada pikir soraşdy. Gözlegiň netijeleri satyjylaryň duşuşyklary meýilleşdirmek, bellikleri dolandyrmak we maglumatlary girizmek ýaly işleri awtomatlaşdyrmak üçin emeli aňy ulanmak bilen her gün 2 sagat 15 minut wagt tygşytlaýandygyny görkezdi diýip, Incrussia.ru habar berýär.

Şeýle-de, emeli aň işgärleri taýýarlamak ugrunda hem wagt tygşytlamaga kömek etdi. Indi menejerler öz satuw toparlarynda ösüş ugurlaryny has çalt kesgitläp biljekdiklerini aýtdylar.
Emeli aňyň netijesinde boşadylan wagty olar işiň başga bir taraplaryna, şol sanda müşderiler bilen aragatnaşyga we şertnama baglaşmaga sarp edip bilerler diýip, gözlegde HubSpot-yň satuw bölüminiň ýolbaşçysy Kelli Bruks ýazdy. 
Generatiw emeli aň işgärleriň durmuşynda hem uly rol oýnaýar. Satuw hünärmenleriniň 31%-iniň söwda kontentini ýa-da potensial müşderilere maglumat habarlaryny ýazmak üçin OpenAI-den ChatGPT, DALL-E we Jasper ýaly gurallary ulanýandygy habar berilýär.
Ýöne bu ChatGPT-niň hünermenleriň işini ýerine ýetirýändigini aňlatmaýar, ol diňe ony aňsatlaşdyrýar diýlip, gözlegde aýdylýar. Generatiw emeli aňy ulanýan satuw boýunça on hünärmeniň dokuzysy emeli aňly çat-botlary başlangyç nokat hökmünde ulanýandyklaryny we emeli aň tarapyndan döredilen tekste üýtgeşmeler girizýändiklerini aýdýarlar.
HubSpot-yň netijeleri dürli pudak işgärleriniň öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin işde generatiw emeli aňy ulanyp başlaýandyklaryny görkezdi. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda ChatGPT çykany bäri işgärler kod ýazmak, emläk obýektleriniň sanawyny, sapak meýilnamalaryny döretmek we marketing materiallaryny taýýarlamak üçin emeli aňly çat-botlara ýüz tutýarlar.
Ýöne şol bir wagtyň özünde käbir kompaniýalar emeli aňyň ornaşdyrylmagyna entuziazm bilen garaýan bolsalar, beýlekiler bu tehnologiýanyň maglumatlaryň gizlinligine we takyklygyna täsiri barada pikirlenip, seresaplylyk bilen çemeleşýärler. 
Ýolbaşçylaryň 78%-i emeli aňyň ornaşdyrylmagy täze iş orunlarynyň peýda bolmagyna getirdi diýip hasaplaýar. Kompaniýalaryň aglabasy bolsa täze tehnologiýalar işiň hilini gowulandyrdy diýip hasaplaýar.


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......