Türkmen oba hojalyk uniwersiteti okuwçylaryň arasynda informatika boýunça olimpiada geçirýär

  • 14.01.2024 16:21
  • 5.4k+

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synplarda okaýan, informatikany öwrenýän hem-de bu derse gyzyklanma bildirýän, şeýle hem okuwda oňat netijeleri görkezýän ýokary synp okuwçylaryny informatika boýunça olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. 

Olimpiada üç tapgyrda geçiriler. 1-nji we 2-nji tapgyrlar onlaýn görnüşde guralar. Birinji, etrap tapgyry ýerlerde, Türkmenistanyň mekdeplerinde 15-nji ýanwarda geçiriler. Olimpiadanyň ikinji tapgyry 17-nji ýanwarda paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda bolup geçer.
Ikinji tapgyryň netijeleri boýunça informatikanyň iň oňat höwesjeňleri üçünji tapgyrda – olimpiadanyň finalyna gatnaşmak üçin paýtagtymyzda duşuşarlar. Jemleýji tapgyr 15-nji we 16-njy fewralda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde göni gatnaşmak arkaly geçiriler.
Olimpiada gatnaşyjylar üçin meseleler bu ders boýunça mekdep maksatnamasy göz öňünde tutulyp, informatikanyň dürli bölümleri boýunça taýýarlanyldy. Olimpiada türkmen we rus dillerinde geçiriler.
Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrak eýeleri medallar we degişli derejelerdäki diplomlar bilen sylaglanarlar.
Geçiriljek çäre baradaky giňişleýin maglumatlar S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň resmi saýtynda informatika boýunça olimpiada bölüminde ýerleşdirildi. Şeýle hem goşmaça maglumatlary: +993 12 34 26 80, +993 65 63 36 44 telefon belgilere jaň edip hem-de tm.tau.2022@gmail.com elektron salga hat ýollap alyp bolar. 


28.06.2026 23:39
3.9k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

28.06.2026 10:02
2.1k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2.1k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.2k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......