Microsoft Apple-den öňe geçip, dünýädäki iň gymmatly kompaniýa boldy

  • 13.01.2024 07:32
  • 4.7k+

Tehnologiýa ägirdi «Microsoft» dünýädäki iň gymmat kompaniýalaryň sanawynda «Apple-den» öňe geçdi diýip, «Reuters» agentligi habar berýär. «Microsoft» (MSFT) tehnologiýalar kompaniýasynyň paýnamalary NASDAQ söwda biržasynda 1,5% ýokarlandy. Netijede, kompaniýanyň bazar bahasy 2,888 trillion dollara ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, «Apple» (AAPL) kompaniýasynyň paýnamalary 0,3 göterim azaldy we onuň bazar bahasy 2,887 trillion dollar boldy.

Bellenilmegine görä, «Apple-iň» bazar bahasy 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek programma üpjünçiligi öndürijisi «Microsoft-yň» maýa serişdelerinden pes boldy. Şol wagt COVID-19 sebäpli üpjünçilik zynjyrynyň kesilmegi baradaky aladalar «Apple-iň» aksiýalarynyň bahasyna agyr täsir edýärdi.
«Microsoft-yň» 1,8 göterim ýokarlanmagy bilen deňeşdirilende, «Apple-iň» paýnamalary ýanwar aýynda 3,3 göterim pese gaçdy. «Apple-iň» aksiýalarynyň gowşaklygy seljerijilerde reýtinginiň peselmegi bilen ýüze çykdy, bu bolsa «iPhone-yň» satuwynyň, esasanam kompaniýanyň esasy bazary bolan Hytaýdaky satuwynyň gowşak galjakdygy baradaky aladalary döretdi.
«Redburn Atlantic» broker kompaniýasynyň hünärmenleriniň pikiriçe, Hytaýdaky satuwlar «Apple-iň» ýakyn ýyllardaky girdejileriniň ösüşini çäklendirip biler. Olar Hytaýyň tehnologiýa ägirdi «Huawei» bilen bäsdeşlige we Hytaý-ABŞ gatnaşyklarynda dartgynlyga ünsi çekdiler.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....