Türkmen burawçylary Mary welaýatyndaky Ýylan käninden tebigy gazyň senagat akymyny aldylar

  • 13.01.2024 07:04
  • 22k+

2024-nji ýylyň öňüsyrasynda “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň burawçylary Mary welaýatynda ýerleşýän Ýylan gaz känindäki N2 ulanyş-bahalandyryş guýusyndan tebigy gazyň senagat akymyny aldylar. Bu barada "Nebit-Gaz" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

"Türkmengaz” DK tarapyndan işlenilip düzülen Maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň gazçylary birwagtda üç sany täze  gaz käninde buraw işlerini ýola goýdular. Olar Mary welaýatynda ýerleşen Şerepli, Kelleli, Ýylan känleridir. Ulanyş-bahalandyryş guýularyny burawlamagyň netijesinde tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy.
Şeýlelikde, 2856-dan 2852 metr aralykda Ýylan känindäki N2 guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu gazçylaryň birnäçe aýlap yhlasly zähmetiniň netijesi boldy" diýlip, neşirde bellenilýär.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, guýudan her günde sekiz ýüz ýigrimi müň kub metr töweregi tebigy gaz çykarylýar. Şol bir wagtda täze gaz käniniň önüminiň esasy ýaratynlygy “mawy ýangyjyň” düzüminiň arassalygydyr, düzüminde kükürt wodorod garyndysynyň ýoklugydyr. Bu guýudan çykarylýan tebigy gazyň dünýä standartlaryna laýyklygyny şertlendirýär.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....