Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda çopan goşunda bolup, dowarlaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy

  • 12.01.2024 18:21
  • 50k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Murgap etrabynyň “Maldar” maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna bardy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Bu ýerde dowar yzynda gezýän kärendeçi çopan M.Ataýew özüniň ogly hem-de agtygy bilen Gurbanguly Berdimuhamedowy garşyladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri ykbalyny asylly işe baglan çopan bilen hal-ahwal soraşdy, olaryň alyp barýan işleri, dowarlaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.
M.Ataýew bakýan sürüsinde 550-den gowrak dowaryň bardygyny, olaryň dok we talabalaýyk gyşladylýandygyny belledi.
Kärendeçi çopan özüniň 25 ýyldan bäri çopançylyk edýändigini, her ýylda dowarlardan sagdyn owlak-guzulary alýandygyny we şeýlelik bilen, maşgalanyň girdejileriniň artýandygyny uly buýsanç bilen aýtdy.
Maldarçylygyň milli ýörelgeleriniň bardygyna ünsi çekip, Gurbanguly Berdimuhamedow sähra ýerlerinde düýe malyna aýratyn gadyr goýulýandygyny, onuň ýüňüniň, etiniň, süýdüniň, çalynyň we agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygyny belledi.
Kärendeçi çopan M.Ataýew çopan goşuna gelip, hal-ahwal soraşandygy, çopançylyk işi bilen gyzyklanandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, Ataýewiň agtygy bolsa Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyny okap berdi.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......