Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda Dag magdany boýunça üçünji forumyna gatnaşdy

  • 12.01.2024 17:10
  • 5.6k+

9-11-nji ýanwar aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Dag magdany boýunça üçünji halkara sergi-maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti ministrler derejesinde geçirilen tegelek stoluna we dürli mowzuklaýyn mejlislerip işine işjeň gatnaşdy. Mejlislerde dag magdan önümçiliginiň gelejegi hem-de önümçiligiň tebigata ýetirýän zyýananyň aňrybaş derejede azaldylmagy boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti sergä gatnaşmak bilen, özüniň isleg bildirýän hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi bar bolan ugurlar boýunça degişli şereketleriň wekilleri bilen göni aragatnaşygy ýola goýdy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......