Türkmen halkynyň Milli Lideri Marydaky Gurbanguly Hajy metjidine baryp gördi

  • 12.01.2024 16:30
  • 39k+

11-nji ýanwarda Mary welaýatyna eden iş saparynyň çäklerinde Mary şäheriniň Gurbanguly Hajy metjidine baryp gördi. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde öten-geçenleri ýatlap, sadaka berilse, aýat-töwirler okalsa, doga-dilegler edilse, pederlerden gelýän däp-dessurlaryň mynasyp derejede dowam edýändigini görkezer diýip belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri din wekillerine ýüzlenip, ýaş nesilleriň watansöýüji, edep-ekramly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde uly işleri bitiren mähriban käbesi Ogulabat ejäniň hem-de kyblasy, özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aganyň belli günleriniň Oraza aýyna düşýändigini aýtmak bilen, olary ýagşylykda ýatlap, olaryň belli günleriniň arasynda gelýän Anna gününde belli gün sadakasyny bermek baradaky teklibini ýaşulular bilen geňeşip görmeklerini haýyş etdi. Munuň özi halkymyzyň pederlerini goýýan uly hormatynyň nyşanydyr.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......