Sony we Honda emeli aň funksiýalary bolan «Afeela» atly täze elektrokary görkezdiler

  • 11.01.2024 19:13
  • 7.4k+

Ýaponiýanyň tehnologiýa ägirdi «Sony» we awtoulag öndürijisi «Honda» kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde gurlan «Afeela» atly elektrikli sedany tanyşdyrdylar. Tanyşdyryş çäresi Las-Wegasda her ýyl geçirilýän «CES 2024» atly halkara hojalyk elektronika enjamlarynyň sergisinde geçirildi.

Tanyşdyryş çäresiniň dowamynda «Sony Honda Mobility» (SHM) bilelikdäki kärhanasynyň prezidenti Izumi Kawanasi «Sony PlayStation 5» oýun enjamynyň «DualSence» geýmpady arkaly uzakdan dolandyryp, ulagy sahna çykardy. SMH-iň başlygy munuň taslamanyň tehniki mümkinçiliklerini görkezilmek üçin edilendigini, geljekki ulagyň yglan edilen aýratynlygy däldigini aýtdy.
Şeýle hem elektrikli ulagyň multimediýa ulgamynyň ekranda wizual effektleri döretmek we neýroulgamlar arkaly awtoulagyň kamera ulgamyny kämilleşdirmek üçin wirtual gurşawy simulirlemek üçin «Unreal Engine 5.3» oýun hereketlendirijisini peýdalanjakdygy mälim boldy.
«Sony Honda Mobility» «Afeela» ulagyny işläp düzmekde «Azure AI» bulut hasaplaýyş tehnologiýasyny ulanmak üçin «Microsoft» korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk edilendigini habar berdi.
SMH ilkinji gezek «Afeela-ny» bir ýyl ozal «CES 2023-de» tanyşdyrypdy. Geljekki täze ulagyň tehniki aýratynlyklary heniz mälim edilmedi. Elektrikli awtoulagyň satuwynyň 2026-njy ýylda başlamagyna garaşylýar.


düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......